Türkmen dizaýneri Marokkoda geçirilen moda hepdeliginde lybaslar toplumyny hödürledi

BT
Türkmen dizaýneri Marokkoda geçirilen moda hepdeliginde lybaslar toplumyny hödürledi
Göwher Guwerne-Pirkuliýewanyň “Maroc Fashion Week 2026” çäresindäki lybaslar toplumy, 2026-njy ýylyň 9–11-nji apreli, Marakeş, Marokko, (Surat: "Maroc Fashion Week")

Türkmen dizaýneri Göwher Guwerne-Pirkuliýewa Marakeş şäherinde geçirilen “Maroc Fashion Week 2026” çäresine çagyrylan gatnaşyjylaryň hataryna girip, halkara meýdançada öz taýýarlan lybaslar toplumyny hödürledi. Bu barada çäräniň sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berildi.

Çäre 9–11-nji aprel aralygynda geçirilip, dürli ýurtlardan dizaýnerleri, moda pudagynyň wekillerini hem-de satyn alyjylary bir ýere jemledi. Bu meýdança Marokkonyň milli moda pudagyny dünýäniň ýokary derejeli segmentinde ösdürmäge bolan islegini görkezýär.

“Maroc Fashion Week 2026” çäresinde halkara dizaýnerleriň ýagny, Shuxuan G-niň (Hytaý), Göwher Guwerne-Pirkuliýewanyň (Türkmenistan) we Klod Patrigiň (Fransiýa), şeýle hem Marokkonyň “Molida” brendiniň lybaslar toplumy görkezildi. Gatnaşyjylar milli aýratynlyklary häzirki zaman dünýä tendensiýalary bilen utgaşdyrýan ýokary modanyň täzeçe garaýşyny synladylar.

Şeýle hem çäräniň dowamynda “Max Mara” we “Gérard Darel” ýaly meşhur brendleriň, şeýle hem täze brendleriň lybaslar toplumy görkezildi.

“Maroc Fashion Week” Marokkodaky ilkinji moda hepdeligi hökmünde çykyş edip, döredijilik senagatyny ösdürmäge hem-de milli modanyň däp bolan we häzirki zaman görnüşlerini giňden tanatmaga gönükdirilendir.

2022
ENG TM РУС