Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2026-njy ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna kärhanalara, guramalara hem-de ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndysynyň umumy möçberi 100 milliard 756,17 million manada ýetdi. 2025-nji ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 90 milliard 079,01 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
2026-njy ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 48 milliard 492 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň degişli senesine çenli bu görkeziji 49 milliard 550 million manady düzdi.
Şeýle hem, 2026-njy ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 20 milliard 688 million manada barabar boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 14 milliard 877 million manada ýetdi.
Hasabat döwründe raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 31 milliard 577 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji mart ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 25 milliard 651 million manada ýetdi.

















