Türkmenistanda serhoş ýagdaýda ulag serişdelerini dolandyrmagyň jogapkärçiligi güýçlendirildi

BT
Türkmenistanda serhoş ýagdaýda ulag serişdelerini dolandyrmagyň jogapkärçiligi güýçlendirildi
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan sürüjilik resminamalarynyň ýoklugy üçin jerimeleriň möçberi ýolarlandyrylýar we ulag serişdelerini serhoş ýagdaýda dolandyrmak üçin jogapkärçilik güýçlendirildi. Ýol howpsuzlygyny pugtalandyrmaga we hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gönükdirilen Türk­me­nis­ta­nyň Ad­mi­nist­ra­tiw hu­kuk bo­zul­ma­la­ry ha­kyn­da ko­dek­si­ne üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da Türkmenistanyň Kanunyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde gol çekdi.

Türk­me­nis­ta­nyň Ad­mi­nist­ra­tiw hu­kuk bo­zul­ma­la­ry ha­kyn­da ko­dek­si­niň 228-nji maddasynda bellenilien ýanyňda sürüjilik şahadatnamasy ýa-da ynanç haty bolmazdan awtomobili dolandyrandygy üçin jerime iki esse artdyrylyp, binýatlyk mukdaryň 0,5-den bir ölçegine çenli ýokarlandyrylýar.

Ynanç hatynyň düýbünden ýoklugy ýa-da ulagy dolandyrmaga hukugy bolmadyk şahsa awtomobil berlendigi üçin has berk çäreler göz öňünde tutulyp, binýatlyk mukdaryň iki ölçegi möçberindäki bellenen jerimäniň deregine, iki ölçegden üç ölçeg aralygyndaky jerime girizilýär.

Sürüjilik hukugy düýbünden bolmadyk ýa-da dolandyrmak hukugy çäklendirilen şahslara düşýän maliýe agramy hem artýar. Şeýle sürüjiler üçin jerimeler öňki 3–5 ölçegden 5–8 binýatlyk mukdara çenli ýokarlandyrylýar. Degişlilikde, şeýle şahsa ulagy dolandyrmaga berendigi üçin dört ölçegiň deregine alty binýatlyk mukdar tölemeli bolar.

Mundan başga-da, ulagy serhoş halda dolandyrmak baradaky 222-nji madda boýunça jogapkärçilik hem güýçlendirilýär. Awtomobili dolandyrmagy bilgeşleýin serhoş şahsa berendigi üçin jerime alty ölçegden on binýatlyk mukdara çenli ýokarlanar. Sürüjilik hukugy bolman, serhoş halda saklanan sürüjiler üçin jerimäniň aşaky çägi ýedi ölçegden on iki binýatlyk mukdara galdyrylýar (ýokary çägi on bäş ölçegligine galdy).

Bir ýylyň dowamynda şeýle düzgün bozma gaýtadan amala aşyrylan ýagdaýynda, iň az jerime iki esseden hem köp — sekiz ölçegden on ýedi binýatlyk mukdara çenli artar.

Türk­me­nis­ta­nyň Ad­mi­nist­ra­tiw hu­kuk bo­zul­ma­la­ry ha­kyn­da ko­dek­si­ne girizilen üýt­get­me­ler sürüjileri ýola çykarmaga jogapkär bolan wezipeli şahslara hem degişli boldy. Serhoş haldaky sürüjini işe goýberendigi üçin bäş binýatlyk mukdar möçberinde jerime bellenildi, bu bolsa öňki bar bolan 1-den 3 ölçeg aralygyndaky tapawudy aradan aýyrýar. Şol bir wagtda, ulagy göni serhoş halda dolandyrandygy üçin çäreler öňküligine galdy: alty aýdan bir ýyla çenli sürüjilik hukugyndan mahrum etmek, gaýtalanan ýagdaýynda bolsa — 15 gije-gündiz administratiw tussaglyk we soňra iki ýyla çenli ulag sürmek gadagan edilmegi.

Kabul edilen bu çäreler ýollardaky töwekgelçilikleri azaltmaga we ýol hereketine gatnaşyjylaryň arasynda tertip-düzgüni ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

2022
ENG TM РУС