Türkmenistan 2027–2030-njy ýyllar aralygyndaky döwür üçin BMG-niň Ylym we tehnologiýa boýunça ösüş komissiýasyna biragyzdan saýlandy. Degişli çözgüt 8-nji aprelde Nýu-Ýork şäherindäki BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň kömekçi edaralarynyň saýlawlarynyň dowamynda kabul edildi.
Türkmenistan komissiýanyň düzümindäki işine 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlar, ygtyýarlyk möhleti bolsa 2030-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam eder. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy duşenbe güni habar berdi.
Ýurduň komissiýanyň düzümine saýlanmagy Türkmenistan tarapyndan gazanylan netijeleriň hem-de halkara we sebitleýin ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösüşine goşan goşandynyň ykrar edilmegi hökmünde bahalandyrylýar. Şeýle-de bu ýagdaý ýurduň ylym, innowasiýalar, sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meselelerini öz içine alýan ählumumy gün tertibine gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeldýär.
Ylym we tehnologiýa boýunça ösüş komissiýasy 1992-nji ýylda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ylmyň we tehnologiýanyň ulanylmagyny höweslendirmek üçin döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) edarasydyr. Onuň sekretariaty Ženewada ýerleşýän BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň ýanynda hereket edýär.

















