Colvir: Türkmenistanda bank we poçta hyzmatlarynyň integrasiýasy täze mümkinçilikleri açýar

BT
Colvir: Türkmenistanda bank we poçta hyzmatlarynyň integrasiýasy täze mümkinçilikleri açýar
"Ashgabat Colvir Camp 2024" bank ulgamy boýunça maslahat, 2024-nji ýylyň 21-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Colvir Software Solutions)

Türkmenistanda bank we poçta hyzmatlarynyň integrasiýasy sanly infrastrukturanyň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup biler. Bu barada “Colvir Software Solutions” kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek bölüminiň ýolbaşçysy Denis Ýudiniň aýdanlaryna salgylanyp, Trend agentligi duşenbe güni habar berdi.

Denis Ýudiniň aýtmagyna görä, kompaniýanyň çözgütleri bank, hem-de poçta pudaklaryny öz içine alýar we bu çözgütler dürli hyzmatlary bir ulgamda birleşdirmäge mümkinçilik berýär. “Colvir Software Solutions” kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek bölüminiň ýolbaşçysy käbir ýurtlarda poçta diňe hat-habar daşamak bilen çäklenmän, eýsem sanly hyzmatlary hödürleýän meýdança öwrülýändigini belledi.

Denis Ýudin kompaniýanyň müşderileriniň arasynda Gazagystanyň we Azerbaýjanyň poçta operatorlarynyň bardygyny belledi we bu tejribäniň üsti bilen poçta gullugynyň tutuş ýurt boýunça amatly hyzmat ugry hökmünde işläp biljekdigini aýtdy.

“Colvir Software Solutions” kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek bölüminiň ýolbaşçysy munuň poçta we bank infrastrukturalaryny birleşdirmek üçin mümkinçilikleri açýandygyny hem-de maliýe hyzmatlaryny has elýeterli edýändigini nygtady.

Denis Ýudin banklaryň, poçtanyň we döwlet hyzmatlarynyň bilelikde işleýän bitewi sanly ulgamynyň döredilmegi barada aýdyp, kompaniýanyň bu ugurda hyzmatdaşlarynyň taslamalaryny goldamaga taýýardygyny belledi.

“Colvir Software Solutions” — 2000-nji ýylda döredilen britan IT kompaniýasy bolup, bu ýerde banklar, poçta operatorlary we maliýe guramalary üçin çözgütleri işlenilip taýýarlanylýar.

2022