TDHÇMB-da anna güni $16,3 millionlyk portlandsement satyldy

BT
TDHÇMB-da anna güni $16,3 millionlyk portlandsement satyldy
Sement önümçiliginden bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni geçiren söwdalarynda Özbegistandan gelen işewür jemi bahasy 16 million 368 müň ABŞ dollaryna deň bolan portlandsement satyn aldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Özbegistanly işewür “Türkmennebit” döwlet konserninden SN-600 kysymly başlangyç ýagy satyn almak barada geleşik baglaşdy. Geleşikleriň jemi bahasy 195 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

TDHÇMB-niň anna güni geçiren söwdalarynda jemi 2 sany geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň çarşenbe güni geçiren söwdalarynda bolsa jemi bahasy 67 million 635 müň manada deň bolan pagta süýümi satyldy.

2022
ENG TM РУС