TDHÇMB-da penşenbe güni 15 million manatlyk pagta süýümi satyldy

BT
TDHÇMB-da penşenbe güni 15 million manatlyk pagta süýümi satyldy
Pagta süýümi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni geçiren söwdalarynda jemi bahasy 15 million 12 müň manada deň bolan pagta süýümi satyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Türkmen telekeçileri 2024-nji ýylyň hasyly bolan pagta süýümini eksport etmek şerti bilen “Türkmenpagta” döwlet konserninden satyn aldylar.

Şeýle hem Türkiýeli işewürler umumy bahasy 217 müň 437,57 ABŞ dollaryna barabar bolan pagta süýümini we nah ýüplügini satyn aldylar.

TDHÇMB-niň penşenbe güni geçiren söwdalarynda jemi 3 sany geleşik baglaşyldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda jemi bahasy 529 million 835 müň manada deň bolan geleşik baglaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС