Adaty adam her gün emeli aňy nähili ulanyp biler

BT
Adaty adam her gün emeli aňy nähili ulanyp biler
IBM kompaniýasynyň öňki Baş direktory Džinni Rometti: “Emeli aň adamlaryň ornuny tutmaz, ýöne emeli aňy ulanýanlar ulanmaýanlaryň ornuna geçer”.

Siz eýýäm her gün emeli aňy ulanýarsyňyz — ýöne muny duýmaýarsyňyz!

Ýakyn wagta çenli emeli aň uzak (düşnüksiz, syrly) bir zat ýaly — barlaghanalaryň, uly kompaniýalaryň we ylmy neşirleriň aňyrsynda gizlenen çylşyrymly tehnologiýa hökmünde kabul edilýärdi. Häzirki wagtda bolsa ol gündelik durmuşymyza duýdansyz girdi, adaty onlaýn hyzmatlaryň içine siňdi we biziň ýaşaýan sanly gurşawymyzyň bir bölegine öwrüldi. Şeýle-de bolsa, adamlaryň köpüsi henizem ony ýüzleý ulanýar we onuň hakyky amaly mümkinçiliginiň näderejede uludygyny doly duýmaýar.

Bu ýerde gürrüň abstrakt tehnologik ösüş barada däl. Gürrüň — wagt barada. Her gün gaýtalanýan işleri, ikirjiňlenmeleri, maglumat gözlegini we pikirleri tertipleşdirmäge edilen synanyşyklar sebäpli ýitirilýän sagatlar (wagt) barada. Has takygy, netijeli ulanyp boljak wagtyň ýitirilmegi barada.

Görünmez gatnaşyk

Biz her gün emeli aňyň esasynda işleýän ulgamlar bilen gatnaşykda bolýarys. “Google” arkaly maglumat gözleýäris, wideolary görýäris, maglumatlar bilen tanyşýarys. Şol hereketlerimiziň dowamynda algoritmler biziň hereketlerimizi seljerýär, gyzyklanmalarymyzy çaklaýar we maglumat akymyny bize laýyklaşdyrýar.

Emma bu gatnaşyklarda adam köplenç diňe synçy bolup galýar. Ol teklip edilen zady kabul edýär, ýöne ugur kesgitleýän tarap bolup çykyş etmeýär.

Şu ýerde internetde passiw ulanyjy bolmak bilen interneti aňly ulanmagyň arasyndaky tapawut ýüze çykýar. Adam üçin emeli aň diňe gural bolanda ýa-da onuň sanly durmuşynyň fony bolanda däl-de, dolandyryjy elementine öwrülende hakyky peýda getirip başlaýar.

Sagatlaryň ýitýän ýeri

Gündelik durmuş köp sanly ownuk hereketlerden ybaratdyr. Olar göze ilmeýär, ýöne esasy agram şolar tarapyndan döredilýär:

  • onlarça çeşmäniň arasynda maglumat gözlemek;
  • pikiri anyk beýan etmäge synanyşyk;
  • teksti gaýta-gaýta düzetmek;
  • düşünilmeýän mowzuklary çuňňur öwrenmek;
  • karar kabul etmekde ikirjiňlenmek;
  • tertipsiz meýilleşdirmek.

Bu işleriň hersi aýratynlykda ujypsyz ýaly görünýär. Emma olaryň jemi - köp sagatlaryň ýitmegine sebäp bolýar.

Emeli aňy ulanmak diňe bu prosesleri çaltlandyrmaýar, olaryň tebigatyny hem üýtgedýär.

Maglumat bilen işlemegiň täze logikasy

Adaty “Google” gözlegi yhlas etmegi talap edýär: maglumatlary açmaly, deňeşdirmeli, barlamaly, ikirjiňlenmeli. Adam şol birwagtda hem gözlegçi, hem-de filtr bolup çykyş edýär.

“ChatGPT”, “Gemini”, “Claude” ýaly emeli aň gurallarynyň peýda bolmagy bilen, bu gatnaşyk düýbünden üýtgedi. Sorag “maglumat girizme guralyna” öwrüldi, jogap bolsa eýýäm taýýarlanan we many taýdan tertipleşdirilen gurluş boldy.

Emeli aňy ulanmak bilen bölekleriň ýerine bitewilik peýda bolýar. Köp sanly penjireleriň ýerine — bitewi kontekst emele gelýär.

Bu diňe wagt tygşytlamak däl, eýsem pikirlenmegiň üýtgemegi bolup durýar: ol gözlegden beýan etmäge, maglumat ýygnamakdan düşünmäge geçişdir.

Dil — netijeliligiň guraly

Emeli aňyň täsiri aýratyn-da tekst bilen işlenende has güýçli duýulýar. Ýazmak — intellektual işleriň iň çylşyrymly görnüşleriniň biridir. Ol pikirleriň aýdyňlygyny, gurluşyny we takyklygyny talap edýär.

Köplenç adam näme diýmek isleýändigini bilýär, ýöne ony tiz we düşnükli görnüşe getirip, beýan edip bilmeýär.

Şu ýerde emeli aň pikir bilen sözleriň arasynda köpri bolýar. Ol teksti tertipleşdirýär, pikiri takyklaýar, artykmaç zatlary aýyrýar. Emeli aň adamyň ýerine netije döretmeýär — ol diňe ugrukdyrýar we prosesi ýeňilleşdirýär.

Şeýlelikde, işimiz boş sahypa bilen göreşe öwrülmeýär. Ol emeli aň bilen dialoga öwrülýär, şeýdip tekst has tiz we tebigy ýagdaýda emele gelýär.

Maglumat agdyklygyň ýerine maglumata düşünmek

Sanly döwürde bilim almak paradoksal ýagdaýy döredýär: maglumat elýeterli, ýöne oňa düşünmek hemişe çalt bolmaýar.

Adam sagatlar boýy kitaplary, ylmy işleri, makalalary okap biler, internetde wideolary görüp biler, bir düşündirişden beýlekisine geçip biler — emma şonda-da anyk netijä gelip bilmez.

Bu ýerde mesele maglumatyň ýetmezçiliginde däl-de, eýsem onuň adama laýyk gelmezliginde ýa-da adamyň bilim derejesiniň laýyk däldigindedir.

Emeli aň häzirki wagtda bu boşlugy doldurýar. Ol düşündirýär, takyklaýar, gaýtadan beýan edýär, uýgunlaşdyrýar. Ol diňe bir maglumat akymy bilen üpjün etmän, adam bilen dialog gurýar. Hut şol dialogda esasy zat bolsa — maglumata düşünmekdir.

Hereketiň başlanýan pursady

Biziň ählimize tanyş ýagdaý bar: ýerine ýetirilmeli wezipe eýýäm belli bolup, ýöne başlangyç ädim edilmedik — sebäbi işiň ýerine ýetirilmegi üçin aýdyňlyk, gurluş ýa-da ilkinji ädim ýetmezçilik edýär.

Ine, hut şeýle ýagdaýda wagt ýitirilýär.

Şeýle ýagdaýlarda emeli aň başlangyç herekediň nokady bolup biler. Ol çözgüdiň dürli görnüşlerini hödürleýär, ugur görkezýär, gurluş döredýär. Hatda soňky netije garaşylýandan başgaça bolsa-da, hereketiň başlanmagy ýagdaýy üýtgedýär.

Tertip — energiýanyň çeşmesi

Gündelik işleriň arasynda adam ýadap biler, ýöne bu diňe işiň mukdary bilen baglanyşykly däldir. Ýadawlyk köplenç halatda tertipsizlikden döreýär.

Öňde goýulýan wezipeler tertipsiz bolanda, beýin olaryň hemmesini bir wagtda saklamaga synanyşýar— bu bolsa dartgynlylyk döredýär.

Emeli aň bu ýüki daşarky gurşawa geçirýär. Ol işleri tertipleşdirýär, ädimlere bölýär, ileri tutulýan maksatlary görkezýär. Şeýlelikde, meýilnama abstrakt pikir däl-de, anyk hereketleriň yzygiderliligine öwrülýär. Şeýle hem iş prosesini dolandyryş duýgusy gaýdyp gelýär.

Görmezlik mümkin bolmaýan üýtgeşiklik

Bu elementleriň hemmesi birleşende netije anyk bolýar. Öň günde gaýtalanýan işlere sarp edilen sagatlar tygşytlanyp başlaýar.

Emma iň möhüm zat başga: durmuş ritmi üýtgeýär. Iş has tertipli bolýar. Okuw has anyk bolýar. Kararlar has esasly bolýar. Adam proseslere garşy göreşmegi goýup, olary öz peýdasyna ulanýar.

Emeli aňy ulanýanlar bilen ulanmaýanlaryň arasyndaky tapawut teoriýada däl, eýsem gündelik tejribede açyk görünýär.

Gatnaşygyň dili

Emeli aň taýýar çözgütleriň awtonom çeşmesi hökmünde hereket etmeýär — onuň güýji diňe adam bilen dialogda açylýar.

Emeli aňyň jogabynyň peýdalylygy - goýlan soragyň takyklygyna baglydyr. Nätakyk sorag — nätakyk jogaplary berýär. Oýlanyşykly sorag bolsa — anyk we mazmunly netijä getirýär.

Şeýlelikde, emeli aň bilen dogry aragatnaşyk etmek ukyby - edil 2000-nji ýyllaryň başynda internetde maglumat gözlemek başarnygy ýaly täze we esasy başarnyga öwrülýär. Şeýlelikde, bu täze gurşawy, ýagny emeli aňy ulanmagy tiz öwrenýänler beýlekilerden artykmaçlyk gazanýar.

Häzirki pursat

Häzirki wagtda biz örän seýrek döwürde ýaşaýarys. Tehnologiýa eýýäm elýeterli, ýöne henizem adaty durmuşa doly girmedik ýagdaýda. Bu bolsa täze mümkinçilikleriň giň meýdanyny döredýär.

Şu gün emeli aňy ulanýanlar diňe wagt tygşytlamaýarlar. Olar pikirleniş usulyny üýtgedýärler, ösüşlerini çaltlandyrýarlar we maglumat bilen işlemegiň täze medeniýetini döredýärler.

Netije:

Emeli aň adam zähmetiniň ornuny tutmaýar — ony güýçlendirýär. Ol pikirlenmegiň zerurlygyny aýyrmaýar, ýöne başgaça - has çalt, has takyk, has çuň pikirlenmäge şert döredýär.

Emeli aň her gün adamlara durmuşymyzyň özeninini düzýän sagatlary gaýtaryp bermäge ukyplydyr.

Netijede, ähli zat ýönekeý saýlawa gelip direýär: tehnologiýalaryň çözgüt kabul edýän dünýäsinde diňe synçy bolup galmak, ýa-da tehnologiýalary aňly ulanyp, öz peýdaňa ugrukdyrýan adam bolmak.


Makala “Sanly Sowat” okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda taýýarlandy.

Habarlaşmak üçin:

+993 63 639192

+993 62 525638

Salgysy:

Aşgabat ş., Görogly köçesi, 57 “A” jaý;

Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, “Älem” binasy

2022