“Ýigit” kompaniýasy önümlerini britan bazaryna ugratmak boýunça gepleşikleri geçirýär

BT
“Ýigit” kompaniýasy önümlerini britan bazaryna ugratmak boýunça gepleşikleri geçirýär
“Ýigit” hojalyk jemgyýeti “Agro Pack Turkmenistan 2024” sergisinde, 2024-nji ýylyň 15-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

“Ýigit” hojalyk jemgyýeti türkmen telekeçileriniň Beýik Britaniýa amala aşyrýan işewürlik saparynyň çäklerinde “Tesco”, “Marks & Spencer”, “Lidl”, “Aldi” we “Sainsbury's” kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda taraplar türkmen önümleriniň britan bazaryna iberilmeginiň geljegini, halkara bölek söwda ulgamynyň talaplaryny, şeýle hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çäräni gurnaýjylaryň çarşenbe güni habar bermegine görä, “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň britan kompaniýalary bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça taraplar deslapky ylalaşyklary gazandylar we häzirki wagtda olar düýpli işlenip taýýarlanylýar.

Şeýle-de işewürlik saparyň dowamynda “Takyk Abzal” kompaniýasy nebit-gaz pudagynda iş alyp barýan britan “Somer Industrial Projects” kompaniýasy hem-de Hünär Sertifikatlary Instituty (Chartered Institute of Professional Certifications) bilen hyzmatdaşlyk barada Ähtnamalara gol çekdi.

Mundan başga-da, saparyň çäklerinde “ALSAT” türkmen kompaniýasy Singapuryň BTFV wençur gaznasynyň Londondaky şahamçasy we Horwatiýanyň “Consulio” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk barada Ähtnamalara gol çekdi.

Türkmen kompaniýalary tarapyndan gazanylan ylalaşyklar we ýola goýlan täze işewürlik gatnaşyklar olaryň halkara giňişligindäki ornuny giňeltmekde hem-de daşary ýurt bazarlaryndaky täsirini güýçlendirmekde möhüm ädim boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022