Türkmen kompaniýalary Beýik Britaniýa amala aşyrýan işewürlik saparynyň çäkleride 2026-njy ýylyň 13-nji maýynda London şäherinde biritan hyzmatdaşlary bilen birnäçe Ähtnamalara gol çekdiler. Bu barada çäräni gurnaýjylar çarşenbe güni habar berdi.
Işewürlik saparynyň dowamynda “Takyk Abzal” kompaniýasy nebit-gaz pudagynda iş alyp barýan britan “Somer Industrial Projects” kompaniýasy hem-de Hünär Sertifikatlary Instituty (Chartered Institute of Professional Certifications) bilen hyzmatdaşlyk barada Ähtnamalara gol çekdi.
Şeýele hem “ALSAT” türkmen kompaniýasy Singapuryň BTFV wençur gaznasynyň Londondaky şahamçasy we Horwatiýanyň “Consulio” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk barada Ähtnamalary baglaşdy.
Mundan başga-da, “Perzent” bilim merkezi, “Turkmenekspo” hususy kärhanasy, “Türkmen Kongress ES” hususy kärhanasy “British Management University” (BMU) uniwersiteti bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekdiler.
Türkmen kompaniýalary tarapyndan gazanylan ylalaşyklar we ýola goýlan täze işewürlik gatnaşyklar olaryň halkara giňişligindäki ornuny giňeltmekde hem-de daşary ýurt bazarlaryndaky täsirini güýçlendirmekde möhüm ädim boldy.
Türkmen işewürleri 2026-njy ýylyň 11–15-nji maýy aralygynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde saparda bolýarlar. Bu sapar we “UK–Turkmenistan B2B Exchange” işewürlik çäresi “Turkmenekspo”, Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasy we “MAP Centre” kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň goldaw bermeginde gurnaldy.

















