Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda içerki bazar üçin ýerli telekeçiler jemi bahasy 118 million 350 müň manada deň bolan geleşik baglaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Türkmen işewürleri içerki bazar üçin binýatlyk ýagyny, aşgarlanmadyk matany, arassalanan pagta ýagyny, şeýle hem bugdaý ununy satyn aldylar.
Daşary ýurt puluna Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny (‘Türkmenhimiýa” döwlet konserni) satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gonkongyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, pagta ýagynyň galyndylarynyň düzümindäki ýagly turşulyklar, buýan köküniň gury ekstrakty, çig ýüpek, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 13 million 66 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.

















