TDHÇMB-niň çarşenbe günündäki geleşiklerinde bugdaý ununa uly isleg bildirildi

BT
TDHÇMB-niň çarşenbe günündäki geleşiklerinde bugdaý ununa uly isleg bildirildi
Türkmenistanda öndürilýän 1-nji hilli un

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçiren söwdalarynda içerki bazar üçin jemi bahasy 51 million 430 müň manatlyk 1-nji hilli bugdaý uny satyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Içerki bazar üçin ýerli işewürler umumy bahasy 13 million 209 müň manada deň bolan çig ýüplügi, SN-350 kysymly başlangyç ýagy satyn aldylar.

Şeýle hem Türkiýeniň telekeçileri daşary ýurt walýutasyna 2024-nji ýylyň hasyly bolan pagta süýümini satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. Geleşikleriň jem bahasy 1 million 39 müň 720 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Mundan başga-da, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň işewürleri umumy bahasy 286 müň 880 ABŞ dollaryna deň bolan dokma önümçiligi üçin nah ýüpligi satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda içerki bazar üçin ýerli telekeçiler jemi bahasy 118 million 350 müň manada deň bolan geleşik baglaşdylar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС