“Garagum” hojalyk jemgyýeti 20–22-nji maý aralygynda Almata şäherinde geçirilen “Kazakhstan International Healthcare Exhibition” (KIHE 2026) halkara sergisine gatnaşdy.
Kompaniýanyň diwarlygynda saglygy goraýyş, arassaçylyk we senagat ulgamlarynda ulanmak üçin niýetlenen lukmançylyk hem-de dokalmadyk matalardan taýýarlanan önümleriň giň görnüşleri hödürlendi.
Garagum kompaniýasynyň Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy pudaklaýyn meýdançalaryna çykmagy onuň eksport strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki nobatdaky ädimine öwrüldi. Häzirki wagtda türkmen öndürijisi Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryny öz içine alýan 15-den gowrak döwlete önümlerini eksport edýär. Kompaniýa daşary ýurtlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär we öz iş alyp barýan çägini yzygiderli giňeldýär.

Öndürilýän önümleriň ýokary hili halkara derejede tassyklandy. Kärhana ISO şahadatnamalaryna, şol sanda lukmançylyk önümlerini öndürijileriň hil dolandyryş ulgamlaryna bildirilýän talaplary düzgünleşdirýän ISO 13485 standartyna, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ygtyýarnamasyna eýedir.
“Kazakhstan International Healthcare Exhibition” sergisine gatnaşyjylaryň arasynda “Arkadag Medical Cluster” haryt nyşany bilen öndürilýän önümler aýratyn gyzyklanma döretdi. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, bu haryt nyşany bilen öndürilýän önümler lukmançylyk we derman senagatynyň ösüşiniň häzirki zaman ýörelgelerini özünde jemleýär hem-de öndürilýän önümleriň hil üpjünçiliginde täze derejäni alamatlandyrýar.
“Garagum” kompaniýasynyň bu sergä gatnaşmagy diňe bir öz işläp taýýarlamalary bilen halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga däl, eýsem lukmançylyk önümleriniň dünýä bazarynda Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga hem goşant goşmaga giň mümkinçilik berýär.
Habarlaşmak üçin:
Web sahypa: garagum.tm
Instagram: nonwoven_garagum
Salgy: Atamyrat Nyýazow köçesi, 60, Ruhabat ýaşaýyş toplumy, Aşgabat, Türkmenistan
Telefon belgi: +993 12 24-42-94
Elektron salgy: info@garagum.com

















