Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda bolup geçen gaz partlamasynyň köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
22-nji maýda kömür şahtasynda bolan gaz partlamasy netijesinde 82 adam heläk boldy, ýene iki adamyň ykbaly näbelli bolup galýar. Bu barada Şansi welaýatynyň häkimi Çen Sýanýan metbugat maslahatynda mälim etdi diýip, “Xinhua” habarlar agentligi habar berýär.
Partlama anna güni ýerli wagt bilen 19:29-da Hytaýyň Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda ýüze çykdy.

















