Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler

BT
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler
Türkmenistan, Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan, Özbegistan we Gyrgyzystan demir ýol edaralarynyň wekilleriniň altytaraplaýyn maslahaty, 2026-njy ýylyň 8–9-njy iýuny (Surat: “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti)

Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.

Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 8–9-njy iýunda geçirilen maslahatyň jemi boýunça resminama gol çekildi.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar CASCA+ ulag geçelgesiniň häzirki iş görkezijilerine garap, 2025-nji ýylyň hem-de 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijelerini jemlediler. Şeýle hem bu ugry mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ýük gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, üstaşyr geçiş möhletlerini gysgaltmak, ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we geçelge boýunça ýük gatnawlary üçin nyrh syýasatyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

CASCA+ Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň döwlet demir ýol edaralarynyň bilelikdäki başlangyjydyr. Bu ugur Merkezi Aziýa, Günorta Kawkaz we Anadoly sebitlerini birleşdirip, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag köprüsini emele getirýär.

Taslamanyň uzak möhletleýin maksady Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, ilkinji nobatda hem Hytaý bilen Ýewropa ýurtlaryny birleşdirýän netijeli multimodal söwda-üstaşyr ugruny ösdürmekden ybaratdyr.

2022