Türkmenistanyň Bruneý-Darussalam Döwletinde täze ilçisi bellenildi

BT
Türkmenistanyň Bruneý-Darussalam Döwletinde täze ilçisi bellenildi
Guşuçar belentlikden Kampong-Aýer we Bruneý derýasynyň görnüşi (Surat: Bruneitourism.com)

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Bruneý-Darussalam Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-nji iýunda gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Muhammetnyýaz Maşalow 2018-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Kuala Lumpur ş.) wezipesinde işleýär.

Şol bir wagtyň özünde, ol soňky ýyllarda birnäçe ýurtlarda diplomatik wezipeleri hem ýerine ýetirýär. Hususan-da, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky, 2024-nji ýylda Indoneziýa Respublikasyndaky, 2025-nji ýylda bolsa Taýland Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine hem bellenildi.

Türkmenistan bilen Bruneý-Darussalamyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1999-njy ýylyň 22-nji fewralynda ýola goýuldy. Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we bilim ugurlarynda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС