Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwni bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna garadylar hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem ykdysady ösüşi goldamak, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek we dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere garaldy.
Taraplar ykdysady özgertmeleri goldamak, maýa goýumlary çekmek we strategiki taýdan wajyp bolan taslamalaryny durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky 1991-nji ýylda 40 döwlet we iki sany halkara gurama tarapyndan döredildi. Häzirki wagtda bank 34 ýurtda iş alyp barýar. Türkmenistanda bolsa 1992-nji ýyldan bäri işleýär.

















