Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 19-njy iýuny, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Anwar Ibrahimiň X sahypasy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatdaky Oguzhan köşkler toplumynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimi kabul etdi. Resmi garşylamak dabarasyndan soň taraplaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi anna güni habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Anwar Ibrahimiň Türkmenistana amala aşyrýan saparyna iki ýurduň halklarynyň we döwletleriniň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýandygyny belläp, onuň türkmen-malaýziýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Premýer-ministr Anwar Ibrahim türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahimiň Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen salamyny ýetirdi. Şeýle hem ol Malaýziýanyň Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de oňyn Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda Anwar Ibrahim Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran saparyny ýatlap, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge itergi berendigini belledi. Taraplar iki ýurduň arasynda diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigini nygtadylar.

Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýanyň PETRONAS kompaniýasynyň Türkmenistanda nebit-gaz pudagynda 30 ýylyň dowamynda alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan türkmen hünärmenleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda zähmet çekýändigini belläp, munuň üçin malaýziýa tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Premýer-ministr Anwar Ibrahim Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de netijeli ösdürmek boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022