Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim Aşgabatda geçirilýän Türkmenistan bilen Malaýziýanyň nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergä baryp gördiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Plenar mejlisden soň iki ýurduň ýolbaşçylary türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň netijelerini şöhlelendirýän pawilýonlara baryp gördüler. Hususan-da, olar «PETRONAS» kompaniýasy bilen 30 ýyllyk hyzmatdaşlyga bagyşlanan bölüme aýlanyp, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşy we uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemäge gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdylar.
Sergide PETRONAS, SLB, "Halliburton", "Dragon Oil", “Malaysia Petroleum Resources Corporation” (MPRC) we “Malaysia Marine and Heavy Engineering” (MMHE) ýaly halkara kompaniýalaryň diwarlyklary görkezildi. Şeýle hem oňa Türkmenistanyň döwlet konsernleri, ylmy-barlag institutlary we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri gatnaşdy.
Çäräniň çäklerinde "Türkmengaz", "Türkmennebit", Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody hem-de "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasy öz taslamalaryny tanyşdyrdy. Mundan başga-da, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň diwarlyklary görkezildi.
Sergi Aşgabatda geçirilen " Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde guraldy.













32444-90x604.jpeg)



