“NEW JCM” kompaniýasy "Türkmengaz" DK-nyň sekiz gaz turbinasyna hyzmat berer

BT
“NEW JCM” kompaniýasy "Türkmengaz" DK-nyň sekiz gaz turbinasyna hyzmat berer
"NEW JCM Machinery" zawodyna baryp gören buýrujylaryň wekilleri (Surat: "NEW JCM")

Hytaýyň "Jinzhou NEWJCM Machinery Manufacture Co.,Ltd." kompaniýasy "Türkmengaz" döwlet konsernine degişli “DG-90L2” kysymly sekiz sany gaz turbinasyna tehniki hyzmat bermek boýunça şertnama baglaşdy. Bu işler "Daşoguzgazakdyryş" müdirliginiň iki kompressor bekedinde ýerine ýetiriler. Bu barada kompaniýa özüniň resmi web sahypasynda penşenbe güni habar berdi.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, taslama sekiz gaz turbinasyna toplumlaýyn tehniki hyzmat bermegi we olaryň ulanyş ýagdaýlaryny dikeltmegi göz öňünde tutýar. Bu şertnama “NEW JCM” kompaniýasynyň gaz turbina enjamlary ulgamyndaky iň iri taslamalarynyň biridir.

“NEW JCM” kompaniýasy şertnamanyň halkara bäsleşigiň netijesinde gazanylandygyny we taslama gatnaşmak üçin kompaniýanyň hünärmenleriniň buýrujynyň talaplaryna laýyklykda ýörite tehniki çözgüt taýýarlandygyny aýtdy. Şeýle hem buýrujy tarapyň wekilleri kompaiýanyň Hytaýdaky önümçilik desgalaryna baryp gördüler.

Kompaniýanyň bellemegine görä, "Türkmengaz" DK-ni bilen baglaşylan şertnama “NEW JCM” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa bazaryndaky işini giňeltmekde möhüm ädim boldy. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa Gazagystandaky buýrujysy bilen kuwwaty 15 MW bolan gaz turbinasyna hyzmat bermek boýunça hem şertnama baglaşdy.

“NEW JCM” kompaniýasy düzüminde gaz turbinalary boýunça ýöriteleşdirilen bölüminiň döredilendigini hem habar berdi. Bu bölüm gaz turbinalary üçin esasy düzüm böleklerini öndürýär, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün edýär we enjamlara ulanylyş möhletiniň dowamynda tehniki hyzmat berýär. Kompaniýa Merkezi Aziýanyň energetika pudagynda täze taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmegi meýilleşdirýär.

2022