Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmengaz” döwlet konsernine Germaniýanyň “Vietz GmbH” kompaniýasy bilen tehniki enjamlary satyn almak boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalary üçin zerur bolan möçberdäki tehniki enjamlary satyn almak maksady bilen Germaniýanyň “Vietz GmbH” kompaniýasy bilen şertnama baglaşylar.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, bu ugurda amala aşyrylýan işler türkmen tebigy gazynyň içerki sarp edijilere hem-de eksport ugurlaryna ygtybarly akdyrylmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň degişli kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýändigi hem bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, Wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

















