Türkmenistanda ýanwar-iýun aralygynda 39,1 milliard kub metrden gowrak gaz çykaryldy

BT
Türkmenistanda ýanwar-iýun aralygynda 39,1 milliard kub metrden gowrak gaz çykaryldy
Türkmenistanyň gazhimiýa toplumynyň önümçilik desgalary

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 39 milliard 147,2 million kub metr tebigy gaz we 4 million 129,8 müň tonna nebit çykaryldy. Bu barada anna güni şu ýylyň ilkinji alty aýynyň jemleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedow hasabat berdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýylyň ilkinji alty aýynyň jemleri boýunça senagat pudagynda durnukly ösüş üpjün edildi. 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 0,7 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 7,2 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 39,9 göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 64,5 göterim artdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow nebitgaz toplumynda ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Onuň bellemegine görä, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,3 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy bolsa 104,1 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem benzin öndürmegiň meýilnamasy 116 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 119,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 118,5 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 107,6 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutany toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, nebitgaz pudagyny ösdürmegi, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegi möhüm wezipeleriň biri hökmünde belledi. Ol nebiti we tebigy gazy çykarmak, harytlyk derejesine getirmek, daşarky bazarlara ýerlemek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň, “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilişini netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutany kärhanalary döwrebaplaşdyrmagy, önümçilik kuwwatyny artdyrmagy, geologiýa-gözleg işlerini geçirip, täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagy, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmegi ilerletmegiň zerurdygyny aýdyp, degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС