Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, ony doglan güni bilen gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we doglan güni mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.
Şawkat Mirziýoýew gutlaglar, hoşniýetli arzuwlar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berilýän aýratyn üns üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda iki ýurduň arasynda däp bolan dostluga, özara ynanyşmaga we düşünişmäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykandygyny belledi. Şeýle hem ol pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.
“Şeýle şanly günde üstünlikler, gowy netijeler, asylly başlangyçlar we meýilnamalar barada gürrüň edilýär. Bularyň hemmesi Sizde bar” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijeli häsiýete eýedigini, onuň özbek jemgyýetiniň hem-de her bir raýatyň durmuşyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýandygyny, şeýle hem özbek halkynyň ägirt uly ruhy-medeni we maddy kuwwatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýändigini belledi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

















