Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň satuw-söwdasy guralar

BT
Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň satuw-söwdasy guralar
Türkmenistandaky mekdep harytlarynyň satuw-söwdasy

Türkmenistanyň welaýatlarynda we etraplarynda, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde mekdep harytlarynyň satuw-söwdasy 1-nji awgustdan guralar. Häzirki wagtda täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň öňüsyrasynda okuwçylar we talyplar üçin zerur bolan harytlaryň söwdasyny guramak babatda degişli işler alnyp barylýar. Bu barada anna güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda okuwçylar we talyplar üçin zerur bolan harytlaryň söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işleriň hatarynda, söwda nokatlarynda okuw esbaplaryny we beýleki dokma önümlerini ilata hödürlemek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyndan başlap mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny Türkmenistanyň welaýatlarynda we etraplarynda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde guramaga degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň dürli görnüşli mekdep harytlaryna bolan isleglerini öwrenmegiň we täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany taýýarlanylan teklibi goldap, Wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

2022