Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Prezidenti Odil Reno-Bassonyny kabul etdi. Duşuşykda energetika, ulag-logistika, sanly ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak we suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany Türkmenistanda eksport ugurly, daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, telekeçiligi goldamak, diwersifikasiýa, döwrebaplaşdyrmak, ykdysadyýetiň wajyp ulgamlaryna maýa goýumlary çekmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Serdar Berdimuhamedow ÝTÖB bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde energetika, ulag, sanly ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary görkezdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Demirgazyk–Günorta we Gündogar–Günbatar halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, ekologik taýdan arassa “ýaşyl” energetikany ilerletmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany bu ugurlarda ÝTÖB-niň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara we täze başlangyçlara gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Döwlet Baştutany oba hojalygyny ösdürmegiň we suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmagyň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýandygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugurlarda hem ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝTÖB-niň Prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça geljegi uly taslamalara, sebitleýin ulag geçelgelerini ilerletmäge ýardam etmek bilen bagly meselelere garadylar.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen ÝTÖB-niň arasynda hyzmatdaşlyk etmek we özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Resminamalar bank ulgamyny berkitmek, eksporty goldamak, durnukly energetika, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak hem-de Aşgabat şäheriniň ÝTÖB-niň “Ýaşyl şäherler” maksatnamasyna goşulmagy ýaly ugurlary öz içine alýar.

















