Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 101 milliard manatdan geçdi

BT
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 101 milliard manatdan geçdi
Türkmenistanyň “Daýhanbank” DTB we Merkezi banky

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2026-njy ýylyň 1-nji iýul ýagdaýyna kärhanalara, guramalara hem-de ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndysynyň umumy möçberi 101 milliard 127,07 million manada ýetdi. 2025-nji ýylyň 1-nji iýul ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 90 milliard 953,09 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2026-njy ýylyň 1-nji iýul ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 46 milliard 86 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň degişli senesine çenli bu görkeziji 47 milliard 524 million manady düzdi.

Şeýle hem, 2026-njy ýylyň 1-nji iýul ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň möçberi 20 milliard 405 million manada barabar boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji iýul ýagdaýyna bu karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 15 milliard 433 million manada ýetdi.

Hasabat döwründe raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 34 milliard 635,70 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji iýul ýagdaýyna berlen karzlaryň galyndylarynyň umumy möçberi 27 milliard 995 million manada ýetdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022