Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2026-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 11 milliard 396 million 902 müň manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 9 milliard 14 million 675 müň 37 manada ýetdi.
Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 1 milliard 848 million 161 müň 175 manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 56 million 951 müň 92 manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.
Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 313 million 935 müň 468 manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 5 million 198 müň 350 manatdan geçdi.
Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 157 million 981 müň 367 manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

















