Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda jemi bahasy 511 million 698 müň manada deň bolan geleşik baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Ýerli işewürler içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserninden jemi bahasy 511 million 698 müň manada deň bolan polipropileni, portlandsementi, buýan köküniň ekstraktyny, nah ýüplügi, pagta lintini we arassalanan pagta galyndylaryny satyn aldylar.
Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri 4 million 755 müň ABŞ dollaryna deň bolan tüýjümek önümlerini, nah matany, nah ýüplügi, pagta süýümini hem-de çig ýüpegi satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda jemi 14 sany geleşik hasaba alyndy.

















