Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9 göterim artdy. Şol döwürde bölek satuw haryt dolanyşygy hem 10,1 göterim ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemleri boýunça habar berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň hasabatyna görä, ýanwar-iýul aýlarynda jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüş depgini 6,3 göterim artdy. Senagat pudagynda ösüş 2,6 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.
Şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda jemi öndürilen önümiň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,4 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 101,1 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,3 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,7 göterim ýokarlandy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, jemi içerki önümiň durnukly ösüş depginini saklamagyň hem-de ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we Wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

















