Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçirilen söwdalarynda BND 60/90 belgili nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça jemi bahasy 270 million manada deň bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
“Türkmennebit” döwlet konsernine degişli kärhanalarda öndürilen bu önümi ýerli işewürler satyn aldylar.
Serbiýaly işewürler bolsa jemi bahasy 94 müň 500 ABŞ dollaryna deň bolan buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň çarşenbe güni geçirilen söwdalarynda jemi 45 geleşik hasaba alyndy.

















