Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň ýedinji konferensiýasy 23-nji sentýabrda Tähranda geçiriler. Oňa Hazarýaka bäş döwletiň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministriniň hukuk we halkara meseleleri boýunça orunbasary Kazem Garibabadiniň 11-nji awgustda Hazar deňziniň Milli güni mynasybetli “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen çärede eden çykyşyna salgylanyp, “Tasnim News” habar berdi.
Garibabadiniň bellemegine görä, öňde boljak duşuşyk Hazarýaka döwletleri üçin özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri berer. Onuň aýtmagyna görä, gün tertibiniň esasy bölegi Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak meselesine bagyşlanar.
“Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak diňe bir ekologik mesele däl. Eger biz Hazar deňziniň geljekde hem peýdalanmaga ýaramly ýagdaýda galmagyny we ykdysady, durmuş hem-de strategik mümkinçiliklerini saklamagyny isleýän bolsak, onuň ekoulgamyny goramak düýpli zerurlykdyr” diýip, Kazem Garibabadi belledi.
Her ýylyň 12-nji awgustynda bellenýän Hazar deňziniň Halkara güni mynasybetli Türkmenistanda Hazar deňzini gorap saklamak we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça dürli çäreler geçirilýär. Şol çäreleriň biri hökmünde 12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş” atly ylmy-amaly konferensiýa öz işine başlady.
Hazar deňzine bagyşlanan konferensiýalaryň we beýleki çäreleriň geçirilmegi Hazarýaka döwletleriniň deňiz gurşawyny we ekoulgamyny goramak meselelerine berýän ähmiýetini görkezýär. Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa Hazarýaka bäş döwlet tarapyndan 2003-nji ýylda Tähranda gol çekildi.

















