Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretary Ariadna Petridis bilen Brýusselde geçiren duşuşygynda Benilýuks ýurtlary bilen diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýelerini wiza talaplaryndan özara boşatmak boýunça bilelikde işlemek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigi bellenilip, hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we dürli dialog hem-de maslahatlaşma formatlarynyň artmagy bilen özara saparlaryň we resmi gatnaşyklaryň sanynyň hem artýandygy bellenildi. Türkmen ilçisi diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýelerine wiza ýeňillikleriniň döredilmeginiň iki tarapyň arasynda syýasy dialogy ösdürmäge, ýokary derejeli saparlary artdyrmaga we institusional hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge ýardam edip biljekdigini aýtdy.
Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretary bu ugurdaky bar bolan tejribe we degişli düzgünler barada maglumat berip, öz ygtyýarlyklarynyň çäginde gepleşikleri dowam etdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşykda Merkezi Aziýa bilen Benilýuks Bileleşiginiň arasynda sebit hyzmatdaşlygy boýunça tejribe alyşmak mümkinçiligi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy Benilýuksyň Belgiýanyň, Niderlandlaryň we Lýuksemburgyň arasyndaky uzakýyllyk sebit hyzmatdaşlygy tejribesine gyzyklanma bildirdi. Şeýle hem taraplar howpsuzlyk, energetika, klimat, durnukly ösüş we ykdysady hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerini garadylar.
Duşuşygyň dowamynda türkmen iliçi Sapar Pälwanow 4–6-njy sentýabrda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki "Pilbergen" atçylyk toplumynda geçiriljek halkara atçylyk çäresi barada maglumat berip, Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretariatynyň wekillerini çärä çagyrdy.

















