Türkmen wekiliýeti çarşenbe güni Hytaýyň Söwda ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçiriljek 9-njy Hytaý halkara import sergisine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Duşuşyga Hytaýyň Söwda ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, “Türkmenhimiýa: döwlet konserniniň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Şanhaý şäherinde geçiriljek 9-njy Hytaý halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny guramak, ýurduň eksport we önümçilik mümkinçiliklerini görkezmegiň meyilnamasyna garaldy.
Şeýle hem taraplar söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, eksport-import amallaryny ýenilleşdirmek we maýa goýum taslamalaryny goldamak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

















