Türkmenistanyň wekiliýeti 9-njy Hytaý halkara import sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär

BT
Türkmenistanyň wekiliýeti 9-njy Hytaý halkara import sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär
Şanhaý şäheriniň Milli sergi toplumynda geçirilen ilkinji hytaý halkara import sergisi, 2018-nji ýylyň 5-nji noýabry, (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmen wekiliýeti çarşenbe güni Hytaýyň Söwda ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçiriljek 9-njy Hytaý halkara import sergisine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Duşuşyga Hytaýyň Söwda ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, “Türkmenhimiýa: döwlet konserniniň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Şanhaý şäherinde geçiriljek 9-njy Hytaý halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny guramak, ýurduň eksport we önümçilik mümkinçiliklerini görkezmegiň meyilnamasyna garaldy.

Şeýle hem taraplar söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, eksport-import amallaryny ýenilleşdirmek we maýa goýum taslamalaryny goldamak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022