Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi we bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Li Çže Mýona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Koreýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Koreýa Respublikasynyň Azat ediş güni her ýylyň 15-nji awgustynda bellenilýän milli baýramçylyk bolup, 1945-nji ýylyň 15-nji awgustynda ýurduň Ýaponiýanyň kolonial dolandyryşyndan azat bolmagyny ýatladýar. Günorta Koreýada bu sene 1949-njy ýylda milli baýramçylyk hökmünde resmi taýdan kesgitlenildi.

















