Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Ataýew Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň Prezidenti Gennadiý Çižikow bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.
Duşuşykda senagat, gurluşyk, ulag-logistika, agro-senagat toplumy, farmasewtika we häzirki zaman tehnologiýalary ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Taraplar özara söwdanyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň hem-de Türkmenistanyň we Ukrainanyň kompaniýalarynyň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň möhümdigini bellediler. Şeýle hem ikitaraplaýyn söwdany ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde ulag we logistika ulgamynyň orny boýunça aýratyn pikir alşyldy.
Türkmen Ilçisi Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň Prezidentine ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän maýa goýumlar, nebitgaz we energetika pudagy, senagat, gurluşyk, ulag, logistika, telekommunikasiýalar we sanly tehnologiýalara bagyşlanan halkara forumlar, maslahatlar we sergiler barada maglumat berdi.
Taraplar amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge we Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen iş gatnaşyklaryny dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

















