Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi çagalar üçin niýetlenen “Nowça TV” multimediýa platformasyny döretdi. Platforma Aşgabatda geçirilýän “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde tanyşdyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirliginiň hünärmeni Ýazgül Udiýewa “Kids EXPO-2026” sergi-ýarmarkasynda “Biznes Türkmenistan” neşirine beren interwýusynda habar berdi.
“Nowça TV” mobil goşundysy çagalaryň dürli ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda niýetlenen multfilmleri, aýdymlary, gepleşikleri we wideoşekilleri bir ýerde jemleýär. Platformada türkmen multfilmleri bilen birlikde daşary ýurtly çagalar üçin niýetlenen multfilmleri hem ýerleşdirildi.

Platformanyň esasy aýratynlyklarynyň biri ene-atalara çagalary üçin mazmuny ýaş aýratynlygyna görä saýlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ene-atalar çaganyň goşundyny ulanmagynyň dowamlylygyny sazlamak bilen 30 minut, bir sagat ýa-da başga wagt aralygy bilen çäklendirip bilýärler.
Täze platformanyň tanyşdyrylyşynyň dowamynda onda ýerleşdirilen täze türkmen 3D animasion taslamasy — “Menekliler” atly multserial hem ilkinji gezek köpçülige görkezildi. “MezilMekan Animation” studiýasy tarapyndan taýýarlanan multserial dostluk, birek-birege kömek, hormat we hoşniýetlilik barada gürrüň berýär. Multserialyň baş gahrymanlary her bölümde dürli başdan geçirmeleri başdan geçirýärler.
Häzirki wagtda “Nowça TV” mobil goşundysyny 0530 gysga belgä 11 belgili SMS ibermek arkaly gelen salgylanma boýunça ýükläp bolýar. Ýakyn wagtda goşundy “Android” we “iOS” ulgamlarynda elýeterli bolar.

















