TDHÇMB-da çarşenbe güni $44,5 millionlyk "B" kysymly karbamid satyn alyndy

BT
TDHÇMB-da çarşenbe güni $44,5 millionlyk "B" kysymly karbamid satyn alyndy
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda karbamidiň ýüklenilişi, Balkan welaýaty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçiren söwdalarynda jemi bahasy 44 million 590 müň ABŞ dollaryna deň bolan karbamid satyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

BAE-niň, Owganystanyň we Türkiýäniň işewürleri "B" kysymly karbamidi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 44 million 590 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Mundan başga-da, ýerli telekeçiler içerki bazar üçin jemi bahasy 4 million 633 müň manada deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

2022
ENG TM РУС