Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde “Batly depgin” hususy kärhanasy tarapyndan durmuşa geçirilýän 420 orunlyk iki gatly orta mekdebiň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Täze okuw jaýy döwrebap interaktiw enjamlar, mebeller we okuw gollanmalary, lingafon otaglary, dabaralar zaly, naharhana, kitaphana we sport meýdançalary bilen üpjün ediler.
Taslama okuwçylaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegi hem-de amatly şertlerde bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýurduň ähli ýerinde, şol sanda Daşoguz welaýatynda hem dowam edýär.
Habarda bellenilişi ýaly, täze mekdep Köneürgenç şäherindäki döwrebap bilim desgalarynyň biri bolar. Mundan ozal Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesinde hem 420 orunlyk döwrebap mekdep gurlup, ulanmaga berildi.

















