Arkadag şäheriniň gurluşygynda “Eziz doganlar keramika” kärhanasynyň önümleri giňden ulanylýar

BT
Arkadag şäheriniň gurluşygynda “Eziz doganlar keramika” kärhanasynyň önümleri giňden ulanylýar
Arkadag şäheri, Türkmenistan (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk önümlerini öndürýän “Eziz doganlar keramika” hojalyk jemgyýetiniň dürli görnüşli keramika önümleri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda giňden ulanylýar. Bu barada “Arkadag” gazetiniň penşenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda ulanylýan keramika önümlerinden ýokary hil we durnuklylyk bilen bir hatarda, desgalaryň binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşmak talap edilýär. “Eziz doganlar keramika” hojalyk jemgyýetiniň öndürýän ak we açyk reňkli, ýylmanak hem-de owadan keramika önümleri bolsa binalaryň dizaýnyny has-da baýlaşdyryp, olara döwrebap öwüşgin bermek bilen bildirilýän talaplary ýokary derejede kanagatlandyrýar.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň önümçilik toplumynda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylyp, onuň önümçilik kuwwaty ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýan önümini öndürmäge niýetlenendir.

“Eziz doganlar keramika” hojalyk jemgyýeti sarp edijilere fasad üçin niýetlenen keramiki plitalary, kafel we keramogranit, şeýle-de ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki binalaryň içki bezegi üçin dürli ölçegdäki kafelleri hödürleýär. Keramika tebigy çig mal bolan toýundan öndürilýändigi sebäpli, ekologik taýdan arassa materiallaryň biri hasaplanýar. Kärhananyň fasad örtükleri bolsa binalaryň ýylylygy saklaýjylyk häsiýetini gowulandyrmaga ýardam edýär.

2025-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda açylan “Eziz doganlar keramika” hojalyk jemgyýeti önümçiliginde ýerli çig maly we döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny önümler bilen üpjün etmäge uly goşant goşýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022