TDHÇMB-da duşenbe güni $35,5 millionlyk geleşik baglaşyldy

BT
TDHÇMB-da duşenbe güni $35,5 millionlyk geleşik baglaşyldy
Nebit önümleriniň demir ýol arkaly daşalyşy (Surat: Kazinform)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçirilen söwdalarynda umumy bahasy 35 million 487 müň 580 ABŞ dollaryna we 390 müň manada deň bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarda Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserninden ýangyç mazudyny satyn almak boýunça şertnama baglaşdylar.

Ýerli telekeçiler bolsa içerki bazar üçin “Türkmenpagta” döwlet konserninden agardylan sargy serişdesini satyn aldylar.

TDHÇMB-nyň duşenbe güni geçirilen söwdalarynda jemi 2 sany geleşik hasaba alyndy.

2022