TDHÇMB-da täze elektron söwda ulgamynyň ulanylyşy boýunça tanyşdyryş çäreleri geçiriler

BT
TDHÇMB-da täze elektron söwda ulgamynyň ulanylyşy boýunça tanyşdyryş çäreleri geçiriler
Türkmenistanyň Söwda toplumy (Surat: BT)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (TDHÇMB) birža söwdalaryna gatnaşyjylar we akkreditirlenen dellallar (brokerler) üçin täze elektron söwda ulgamy bilen işlemek boýunça tanyşdyryş çärelerini geçirer. Bu barada TDHÇMB sişenbe güni habar berdi.

Täze elektron söwda ulgamynyň tanyşdyrylyşy biržanyň işini kämilleşdirmek, döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we söwdanyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň çäklerinde guralar.

Tanyşdyryş çäreleriniň dowamynda akkreditirlenen dellallar (brokerler) täze ulgamyň mümkinçilikleri bilen tanşyp, ony ulanmagyň tertibini öwrenerler we söwda amallaryny iş ýüzünde özbaşdak synap görmäge mümkinçilik alarlar.

Çäreler sagat 14:00-dan 16:00-a çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 52-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynyň ikinji gatyndaky söwda zalynda geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022