Türkmenistanda ýerli çig maldan hamyrmaýasyz berhizlik çörek önümi taýýarlandy

BT
Türkmenistanda ýerli çig maldan hamyrmaýasyz berhizlik çörek önümi taýýarlandy
Hünärmen bişirilen çörekleriň hilini barlaýar (Surat: "Altyn Asyr" elektron gazeti)

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hünärmenleri ýerli ösümlik çig malynyň esasynda, biohimiýanyň gazananlaryny we türkmen halk lukmançylygynyň tejribesini peýdalanyp, bejeriş we öňüni alyş maksatly hamyrmaýasyz çörek önümini taýýarladylar. Taslama himiýa ylymlarynyň doktory, habarçy agzasy Durdymyrat Gadamowyň hem-de biotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowanyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Önümiň düzümindäki unuň paýy 5–10 göterime barabar bolup, galan 90–95 göterimi ösümliklerden ybaratdyr. Olaryň hatarynda gawun, garpyz we kädiniň içki eti, tohumy hem-de şiresi alnan galyndylary, üzüm galyndylary, bugdaý we arpadan, ýer armydyndan we çopantelpekden alnan inulin bar. Şeýle hem önüme sarymsagyň, semzegiň, buýan köküniň, itburunyň we narpyzyň ürgünleri goşulýar.

Hünärmenleriň bellemegine görä, ulanylýan çig mal önümi ösümlik belogy, beta-karotin, sink, pektinler, iýmit süýümleri we polifenollar bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Üzüm galyndylarynyň düzüminde resweratrol, polifenollar we iýmit süýümleri bar. Ýer armydyndan we çopantelpekden alynýan inulin prebiotik düzüm hökmünde peýdalanylýar. Sarymsagyň, semizotuň, buýan köküniň, itburunyň, kekiotyň we narpyzyň ürgünleriniň antioksidant, immun ulgamyny sazlaýjy we çişmä garşy täsiri bardyr.

Täze önüm iýmitlenme bilen baglanyşykly keselleriň, semizligiň, ikinji görnüşli süýji keseliniň hem-de madda çalşygynyň bozulmalarynyň öňüni almak we berhizlik iýmitlenmede peýdalanmak üçin niýetlenendir. Öndürijileriň maglumatlaryna görä, hamyrmaýa bilen turşatma usulynyň ulanylmazlygy artykmaç gaz emele gelmesini azaltmaga mümkinçilik berýär.

2022
ENG TM РУС