Türkmenistanyň Prezidenti 2-nji sentýabrda welaýatlarda bugdaý ekişine, 9-njy sentýabrda bolsa pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin welaýatlarda sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ekiş möwsüminde işlediljek bugdaý ekijileri hem-de ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri dowam edýär.
Şeýle hem welaýatlarda gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Mundan başga-da, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalary, pagta ýygýan kombaýnlary, awtoulaglary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň gallaçy hem-de pagtaçy daýhanlar üçin jogapkärli möwsümdigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu möhüm oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatlarda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge, 9-njy sentýabrda bolsa pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

















