Aşgabatda sentýabr aýynda GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň 111-nji mejlisi geçiriler

BT
Aşgabatda sentýabr aýynda GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň 111-nji mejlisi geçiriler
GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisi, 2026-njy ýylyň 3-nji apreli, Moskwa, Russiýa (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

Aşgabatda sentýabr aýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ykdysady Geňeşiniň 111-nji mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Aşgabat şäherinde mejlisi guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Mejlisiň kiçi düzümindäki bölüminde GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini hem-de halkara gatnawlarda daşamalar amala aşyrylanda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da Geňeşiň indiki mejlisini geçirmek bilen bagly meselelere hem garalar.

Giňişleýin düzümdäki bölümde Döwletara standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak geňeşiniň 2023–2026-njy ýyllardaky işi hem-de ýokary tehnologiýaly senagat pudaklary üçin ähmiýetli serişdeleri öndürmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Konsepsiýasynyň we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamalaryna garamak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň halkara guramalar, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Wise-premýere Aşgabat şäherinde GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022