Türkmenistanda ilkinji iňlis dilinde bilim berýän mekdebe taýýarlaýyş merkezi açyldy

BT
Türkmenistanda ilkinji iňlis dilinde bilim berýän mekdebe taýýarlaýyş merkezi açyldy
“JAHAN Bilimli Çagalar Dünýäsi” mekdebe taýýarlaýyş merkezi açylyş dabarasy, 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabry (Surat: “JAHAN Bilimli Çagalar Dünýäsi”)

Aşgabat şäherinde 1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistan boýunça ilkinji doly iňlis dilinde bilim berýän “JAHAN Bilimli Çagalar Dünýäsi” mekdebe taýýarlaýyş merkezi açyldy.

“JAHAN Bilimli Çagalar Dünýäsi” mekdebe taýýarlaýyş merkeziniň öz sosial ulgamynda habar bermegine görä, merkezde okuwlar halkara ülňülerine laýyklykda guralyp, Kembrij irki ösüş maksatnamasy we Montessori usulyýetiniň elementleriniň esasynda alnyp barylar. Şeýle hem bir okuw ýylynyň dowamlylygy 39 hepde bolup, sapaklar diňe iňlis dilinde, Kembrij okuw kitaplary arkaly geçiriler.

Mundan başga-da bu merkeziň okuw maksatnamasy boýunça sapaklar çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda dürli oýunlar bilen guralýar. Halkara standartlaryna esaslanýan “JAHAN Bilimli Çagalar Dünýäsi” çagalaryň kiçi ýaşdan iňlis dilinde erkin geplemegine we olary abraýly halkara mekdeplerine we uniwersitetlerine düýpli taýýarlamaga ýardam berer.

Täze açylan merkezde okuw we oýunlar arkaly çagalaryň bilim almaga bolan gyzyklanmasyny ösdürmek bilen bir hatarda, häzirki zaman mekdebe çenli bilim usullaryny Türkmenistanyň milli däpleri bilen utgaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

2022
ENG TM РУС