Aşgabat şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-azerbaýjan konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirilip, iki döwletiň arasyndaky migrasiýa, hukuk we hukuk goraýjy ugurlardaky özara hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi çarşenbe güni habar berdi.
Geňeşmeleriň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn konsullyk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, şeýle hem iki döwletiň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, meselelerini maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň migrasiýa gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem garadylar. Şeýle hem iki ýurduň ygtyýarly edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar tarapyndan konsullyk geňeşmeleriniň Teswirnamasyna gol çekilip, onda geçirilen pikir alyşmalaryň esasy netijeleri hem-de konsullyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklar öz beýanyny tapdy.

















