Türkmenistanyň Prezidentiniň täze döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumy 29-njy sentýabrda açylar

BT
Türkmenistanyň Prezidentiniň täze döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumy 29-njy sentýabrda açylar
Halkara Ahalteke atçylyk sport toplumy, 2021-nji ýylyň 24-nji apreli (Surat: metbugat.gov.tm)

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň döwrebaplaşdyrylan görnüşi 29-njy sentýabrda açylyp ulanylmaga berler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde geçirilen Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde eden çykyşynda aýtdy diýip, “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň çärä gatnaşan wekili habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy “Çalyk Holding” kompaniýalar topary tarapyndan döwrebaplaşdyryldy. Täze döwrebaplaşdyrylan toplumda döwrebap tehnologiýalar we emeli aň mümkinçilikleri ulanylyp, önümçilik hem-de dolandyryş işleriniň sanlylaşdyrylmagyna, athanalaryň gurluşynyň we şertleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň dowamynda Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisine gatnaşyjylary toplumyň 29-njy sentýabrda geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Kronenbergde geçirilen Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde ahalteke atçylygyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, atçylyk boýunça bilim we barlag işlerini utgaşdyrmak, taryhy maglumatlary alyşmak hem-de ahalteke bedewlerini dünýä derejesinde has giňden tanatmak bilen bagly birnäçe teklipler öňe sürüldi. Şeýle-de iri halkara atçylyk çempionatlaryny her bäş ýyldan bir gezek geçirmek baradaky teklip mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna hödürlendi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022