Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eswatiniň Patyşasy Mswati III-ä we Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa hem-de ýurduň ähli halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Döwlet Baştutany Eswatiniň Patyşasy Mswati III-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Eswatiniň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Braziliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Eswatini 1968-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda, Braziliýa Federatiw Respublikasy bolsa 1822-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda garaşsyzlygyny gazandy.







