Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşyp, ony Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Mihael Harms Türkmen halkynyň Milli Liderini german topragynda ýene bir gezek mähirli mübärekläp, duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de Germaniýada Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle-de ol Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň we Federal Kansler Fridrih Mersiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory ahalteke atlarynyň dünýäde uly meşhurlyga eýedigini belledi. Şeýle hem ol Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke atlaryna bagyşlanan eserlerini yzygiderli okaýandygyny we onuň başlangyjy bilen bu milli mirasy dünýäde wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berýändigini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda netijeli ösdürilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, saglygy goraýyş we oba hojalygy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryndadygyny belledi.
Duşuşykda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň saglygy goraýyş ulgamyndaky ugurlaryna aýratyn üns berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk desgalarynda Germaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň we enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça germaniýaly hünärmenler bilen hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Mihael Harms Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklap, Arkadag şäherinde bina edilýän lukmançylyk klasteriniň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol german tarapynyň bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.










